Illinoýs uniwersitetiniň alymlary ösümlikleriň hakyky wagtda dem alyş prosesini görkezmegi başardy. Haýran galdyryjy kadrlar Live Science neşirinde hödürlendi. Ylmy gözlegçiler syn etmek üçin Stomata in-sight ady bilen ýörite gural döretdi. Ol ösümlikleriň nädip kömürturşy gazyny özüne siňdirip, suw buguny çykarýandygyny görmäge mümkinçilik berýär. Bu proses, köplenç, ösümlikleriň «agzy» diýlip atlandyrylýan ýapraklaryň üstündäki mikroskopik deşikler – agyzjyklar arkaly bolup geçýär. Her bir agyzjyk aýratyn öýjükler bilen gurşalandyr. Olar giňelip we gysylyp, şeýlelik bilen deşikleri açyp ýa-da ýapyp bilýär. Mehanizmiň özüniň mälimdigine garamazdan, alymlar häzire çenli nädip aýry-aýry agyzjyklaryň bu prosesi ylalaşykly dolandyryp bilýändigine doly düşünip bilenok. Stomaya in-sight guraly mikroskopy, gaz çalşygyny ölçeýiş ulgamyny we maşyn bilimini ulanyp, şekilleriň seljermesini özüne birleşdirýär. Ylmy gözlegiň awtorlarynyň biri, biolog Endrýu Likiň aýtmagyna görä, ulgam kömürturşy gazynyň we suwuň akymlaryny ölçemek arkaly birbada müňlerçe agyzjygyň işine baha bermäge mümkinçilik berýär. Tejribeleriň dowamynda kiçiräk ýaprak bölekleri gözegçilikde saklanýan şertler bilen ýörite kamera ýerleşdirilýär. Alymlar temperaturany, çyglylygyň derejesini we beýleki parametrleri üýtgedip, agyzjyklaryň muňa nähili reaksiýa berýändigine syn edip bilýär. Mikroskop bolup geçýän zatlary ýazga alýar, maşyn biliminiň algoritmleri bolsa alnan şekillerde agyzjygy tanap, olaryň özüni alyp barşyny yzarlaýar. «Bize agyzjyklaryň nähili işleýändigine has gowy düşünmek örän möhüm. Men we beýleki köp alymlar has ýokary hilli ekinleri, aýratynam, az suw talap edýän ekinleri almak üçin seleksiýanyň we biotehnologiýanyň kömegi bilen agyzjyklaryň işleýşini üýtgetmegiň ýollaryny tapmaga çalyşýarys» – diýip, Liki belledi.