Halkara lukmanlar topary parasetamolyň çaganyň nerw ulgamynyň ösüşine täsiri baradaky ähli esasy kliniki barlaglary seljerdi. Ylmy gözleg bu derman serişdesini kabul etmegiň autizm, üns ýetmezçiliginiň bozulmasy (ADHD) ýa-da akyl taýdan ösüşde yza galmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyna hiç hili subutnama tapmady. Bu barada Sent-Jorj London uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, BBC habar berýär. «Biziň geçiren seljermämiziň netijeleri parasetamolyň lukman görkezmeleri boýunça kabul eden ýagdaýynda göwreli zenanlar üçin howpsuz serişde bolandygyny we bolup galýandygyny görkezýär. Munuň tassyklanmagy parasetamolyň göwreli zenanlarda agyry we ýokary temperatura bilen göreşmegiň birinji derejeli serişdesi bolup galýandygy üçin aýratyn möhümdir» – diýip, professor Asma Halil belledi. Soňky onýyllyklarda göwrelilik döwründe parasetamolyň kabul edilmeginiň çaganyň ösüşine ýaramaz täsir edip biljekdigi barada çekişmeler ýüze çykdy. Bu jedeller ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we saglygy goraýyş ministri Robert Kennedi-kiçiniň dermanyň autizm bilen baglanyşyklydygy baradaky sözlerinden soň has-da güýçlendi. Bu pikirleri barlamak üçin alymlar ýüzlerçe müň aýalyň we olaryň çagalarynyň gatnaşmagynda geçirilen iň ygtybarly 43 barlagy öwrendi. Olar parasetamoly kabul eden göwreli aýallaryň görkezijilerini kabul etmedikler bilen deňeşdirdi. Seljerme derman serişdesiniň kabul edilmeginiň, genetika, sosial şertlere we beýleki faktorlara garamazdan, autizm, ADHD ýa-da akyl taýdan yza galmak töwekgelçiligini ýokarlandyrmaýandygyny we peseltmeýändigini görkezdi. Ozal ýüze çykarylan uly bolmadyk töwekgelçilikler derman bilen däl-de, ähtimal, aýallaryň hroniki keselleri ýa-da beden aýratynlyklary bilen baglanyşykly bolsa gerek. Alymlar öz seljermeleriniň netijelerini The Lancet Obstetrics, Gynaecology & Women's Health žurnalynda paýlaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir