Hytaýyň ilaty 2025-nji ýylda 3,39 mln adam azaldy. Muny HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň maglumatlary delillendirýär. Statistika görä, bir ýylda ýurtda 7,92 mln adam dünýä indi, ýogalanlaryň sany 11,31 mln adama ýetdi. Ölüm derejesi bir müň ýaşaýjy üçin 8,04 adam, dogluş derejesi bir müň ýaşaýjy üçin 5,63 adam boldy. Ilatyň tebigy azalmasy bir müň adam üçin 2,41 adama ýetdi. Ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň ilatynyň umumy sany, takmynan, 1,4 mlrd adam boldy. Takmynan, 716 mln erkek we 688 mln zenan bar. 16 ýaşdan 59 ýaşa çenli işe ukyply ýaşdaky ilatyň paýy 60,6% bolup, bu 851 mln adama deňdir. 60 ýaşdan uly ýaşaýjylaryň sany ilatyň 23%-ini ýa-da 323 mln adamy emele getirýär. Olardan 15,9%-i, takmynan, 223 mln – 65 we ondan ýokary ýaşdaky adamlardyr. Ozal The Financial Times Hytaýyň Bilim ministrligine salgylanyp, dogluş derejesiniň peselmegi sebäpli dört ýylda çagalar bagyna barýanlaryň 25% azalandygyny habar berdi. Bu hem ýurt boýunça onlarça müň çagalar edaralarynyň ýapylmagyna getirdi. Neşir mekdebe çenli bilim ulgamynyň pese gaçmagynyň ykdysadyýet we döwlet syýasaty üçin demografik pese gaçyş bilen baglanyşykly geljekki meseleler barada duýdurýandygyny belledi. 1979-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli Hytaýda «bir maşgala – bir çaga» syýasaty hereket edip, ol düzgün bozmalar üçin berk çäklendirmeleri we jerimeleri göz öňünde tutupdy. 2013-nji ýylda ene-atasynyň, iň bolmanda, biri ýeke-täk çaga bolan maşgalalara ikinji çagany dogurmaga rugsat berildi. Muňa garamazdan, dogluş derejesi peselmegini dowam etdirdi we ilatyň garramagyna hem-de işe ukyply raýatlaryň sanynyň azalmagyna getirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir