Chevrolet Corvette ZR1X Amerikada öndürilen iň çalt önümçilik awtoulagy hökmünde täze rekord goýdy. Superkar çärýek mil (402 metr) aralygy bary-ýogy 8,675 sekuntda geçip, pellehanada sagatda 256 km tizlige ýetdi. Giperkarlardan çalt we arzan Kompaniýanyň habar bermegine görä, Corvette ZR1X birnäçe meşhur ýewropa giperkarlaryndan hem çalt boldy. Awtoulag 100 km/sag tizlige bary-ýogy 1,68 sekuntda ýetýär we munuň üçin oňa bary-ýogy 30 metr aralyk ýeterlik bolýar. Rekord goýlan wagty awtoulag doly zawod görnüşindedi: adaty ýangyç we standart Michelin PS4S şinalary ulanyldy. Çärýek mil (402 m) aralygy geçmek boýunça deňeşdirme: Rimac Nevera R: 7,9 sekunt Pininfarina Battista: 8,55 sekunt Corvette ZR1X: 8,675 sekunt ($210 000) Koenigsegg Jesko Absolut: 8,77 sekunt Bugatti Tourbillon: 8,8 sekunt Bellik: Corvette ZR1X-iň bahasy 210 müň dollar bolanlygynda, onuň bäsdeşleriniň bahasy 2,2 milliondan 4,6 million dollara çenli ýetýär. Tehniki aýratynlyklary Täze model 5,5 litrlik turboly V8 motory we öňki okda ýerleşdirilen elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilen. Ulgamyň umumy kuwwaty 1250 at güýjüne barbar bolup, awtoulag doly çekiji (all-wheel drive) ulgamyna eýedir. Şeýle-de, geçen tomusda Corvette ZR1X Germaniýanyň meşhur Nýurburgring trassasynda hem ABŞ-nyň iň çalt awtoulagy boldy we öz bäsdeşi Ford Mustang GTD-den takmynan üç sekunt öňe geçmegi başardy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir