Şri-Lankada 3 563 karat agramly, ýyldyz öwüşginini berýän dünýäde iň uly benewşe ýakut daşy görkezildi. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, onuň bahasy 300-400 mln dollara barabar diýip, Associated Press habar berýär. Daş «Arassa zeminiň ýyldyzy» adyny aldy. Ol dünýäde hasaba alnan ýyldyz öwüşginli iň uly tebigy benewşe ýakut daşy hasaplanýar. «[Ýakut] aýdyň göze ilip duran asterizmi görkezýär. Onuň alty şöhleli asterizmi bar. Bu beýleki ähli daşlara meňzemeýän üýtgeşik bir zat» – diýip, maslahatçy-gemmolog Aşan Amarasinghe belledi. Asterizm – bu ýagtylygyň täsiri bilen daşyň ýüzünde görünýän ýyldyz şekilli effektdir. Ol ýylmanan şar şekilli ýa-da beýleki güberçek daşlarda has gowy görünýär. Ýylmanan gymmat bahaly daş Star of Pure Land Team toparyna degişlidir. Toparyň agzalary howpsuzlyk sebäpli nämälim bolup galmak isledi. Eýeleriniň biriniň aýtmagyna görä, ýakut daşy 2023-nji ýylda Şri-Lankanyň günorta-günbataryndaky Ratnapura şäheriniň golaýynda tapyldy.