Gresiýaly Stamatis Moraitis ABŞ-dan öz dogduk mekany bolan Ikariýa adasyna gaýdyp gelenden soň, öýkeniň rak keseliniň ahyrky derejesi bilen ýene 40 ýyl töweregi ýaşady. Onuň täsin hekaýatyny Daily Express gürrüň berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, amerikaly lukmanlar tarapyndan bejerip bolmaýan öýken çişi diagnoz goýlan wagty Moraitis 60 ýaşlaryndady. Lukmanlar oňa çaklamalaryň oňyn däldigini we onuň bir ýyldan uzak ýaşap bilmezliginiň mümkindigini duýdurdy. Diagnoz goýlandan soň, goja ABŞ-dan öz çagalyk we ýaşlyk ýyllarynyň geçen ýeri bolan Ikariýa gaýdyp geldi. Geň ýeri, dogduk mekanyna gaýdyp gelenden soň, onuň saglyk ýagdaýy gowulaşyp başlady. Moraitis ýene fiziki zähmet bilen meşgullanyp, wagtyny işjeň geçirdi we her gün dostlary hem tanyşlary bilen aragatnaşyk saklamaga başlady. Makalada onuň adada kadaly durmuşda ýaşandygy we stress ýagdaýyny az başdan geçirendigi aýdylýar. Makalanyň awtorlary hut ýaşaýyş şertleriniň agyr diagnoza garamazdan, gojanyň uzak ýaşamagyna täsir edip bilendigini çaklaýar. Ençeme ýyllardan soň Moraitis diagnoz goýan hünärmenleriň ýanyna barmak we özüniň nädip uzak ýaşap bilendigine düşünmek üçin Birleşen Ştatlara dolanýar. «Görüp otursam, ähli lukmanlarym bu dünýäden ötüpdir» – diýip, ol gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir