Çarşenbe gününe geçilen gije Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 7-nji oýunlary geçirildi. Oýun güni uly ýeňişler we garaşylmadyk ýeňlişler bilen dartgynly boldy. «Inter» – «Arsenal» – 1:3 Günüň esasy oýny Milandaky duşuşyk boldy. Eýýäm birinji ýarymda toparlar özara üç gol geçirdi. «Arsenaldan» Gabriel Žezus iki gol girizdi, «Interiň» düzüminde bolsa Petar Suçiç tapawutlandy. Ikinji ýarymda oýun dartgynly dowam etdi we ahyrky jürlewüge alty minut galanda Wiktor Dýokereş oýna nokat goýdy. «Arsenal» yzygider ýedinji ýeňşini gazandy we häzirki Çempionlar ligasynda iň köp utuk gazanan ýete-täk topar bolup galýar. «Budýo-Glimt» – «Mançester Siti» – 3:1 Norwegiýanyň kluby umumy tapgyrda ilkinji ýeňşini gazandy. Üstesine-de, ýöne-möne kluby däl-de, Gwardiolanyň toparyny utdy. Birinji ýarymda Kasper Hýog iki gol geçirdi, arakesmeden soň bolsa Ýens-Petter Hýouge hasaby ulaltdy. Oýnuň bir sagady geçenden soň, «Siti» Raýan Şerkiniň bir goly bilen jogap berip bildi, ýöne şondan soň (iki minutda) toparyň kapitany iki gezek sary duýduryş alyp, öz toparyny azlykda goýdy. Hýouge hasaby ýene artdyryp bilýärdi, ýöne top derwezäniň ýokarsyna degdi. «Sporting» – «Pari Sen-Žermen» – 2:1 Ýene bir garaşylmadyk waka Lissabonda boldy. Luis Suaresiň iki goly ýerli topara ýaryşyň häzirki çempionyny utmaga mümkinçilik berdi. «PSŽ» topa eýe çykyp, hatda iki gezek gol geçirdi – ýöne iki gezekde-de gol ýatyryldy. Kwarasheliýa oýnuň gidişinde hasaby deňläp bildi, ýöne ahyrky hasaby Suares çözdi. «Real» – «Monako» – 6:1 Madridliler Kilian Mbappeniň öňki klubuny ynamly utdy. Fransuz futbolçysynyň özi birinji ýarymda iki gol geçirip, häzirki ýaryşda öz gollarynyň hasabyny 11-e ýetirdi. Winisius Žunior iki assist we bir gol bilen tapawutlandy. Franko Mastantuono we Jud Bellingem hem bir gol geçirdi, ýene bir goly «Monakonyň» goragçysy Tilo Kerer öz derwezesine saldy. «Tottenhem» – Dortmundyň «Borussiýasy» – 2:0 Londonlylar birinji ýarymda Kristian Romeronyň we Dominik Solankeniň kömegi bilen iki gol geçirdi. Iki goluň arasynda dortmundlylar ýarymgoragçy Daniel Swensson meýdançadan çykandan soň azlykda galdy. Beýleki netijeler: «Kaýrat» – «Brýugge» – 1:4 «Kopengagen» – «Napoli» – 1:1 «Olimpiakos» – «Baýer» – 2:0 «Wilýarreal» – «Aýaks» – 1:2 Häzire çenli diňe Londonyň «Arsenaly» 1/8 finalda orny üpjün etdi. Iň bolmanda pleý-off oýunlaryna ýollamany şular kepillendirdi: «Atalanta», «Atletiko», «Bawariýa», «Inter», «Liwerpul», «Mançester Siti», «PSŽ», «Real», «Sporting», «Tottenhem». Ikinji oýun gününiň duşuşyklary: «Galatasaraý» — «Atletiko» «Karabah» — «Aýntraht» «Atalanta» — «Atletik» «Çelsi» — «Pafos» «Bawariýa» — «Ýunion» «Ýuwentus» — «Benfika» «Nýukasl» — «PSW» «Olimpik» — «Liwerpul» «Slawiýa» — «Barselona»