500 müňden gowrak adam Mozambikdäki güýçli suw joşgunlarynyň netijesinde zyýan çekdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça orunbasary Tom Fletçer X sosial ulgamynda habar berdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlarynyň weýran bolmagyna, esasy ýollary suwuň basmagyna we lukmançylyk edaralaryna zyýan ýetmegine getirdi. Birnäçe sebitde ilatly nokatlaryň arasyndaky aragatnaşyk kesildi, bu hem kömek bermekde kynçylyk döretdi. Agyr ýagdaý bilen baglylykda BMG gyssagly ynsanperwer kömeginiň göwrümini giňeldýär we tebigy betbagtçylygyň netijelerine garşy göreşde Mozambigiň hökümetine ýardam edýär. Habar berlişi ýaly, dowamly çabgalar Maputu, Gaza, Inýambane we Manika welaýatlarynda köp ýerlerini suwuň basyp almagyna sebäp boldy. Geçen ýylyň oktýabrynda ýagyş möwsümi başlany bäri tebigy betbagtçylyk zolagynda adam pidasynyň 103 ýagdaýy hasaba alyndy. Mozambigiň hökümeti zyýan çeken zebitlerde suw joşgunlarynyň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri utgaşdyrmak üçin betbagtçylyk zolagyna ministrleri iberdi.