19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ählumumy parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şunda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine üns berildi. Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet tarapyndan üns berilýändigi üçin, Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine öz hoşallygyny beýan etdi hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir