Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär. 2025-nji ýylyň dekabrynda ygalyň derejesi 370 millimetr (aýlyk kadanyň 316%-i) boldy, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň birinji ýarymynda bolsa ýene 163,6 millimetr (kadanyň, takmynan, 150%-i) gar ýagdy. Şäherde gar örtüginiň beýikligi 170 santimetre ýetdi, käbir ýerlerde 2,5 metrden gowrak boldy. Ýaşaýjylar sosial ulgamlarda gar üýşmeginiň bäş metre çenli ýetendigini habar berdi. Kamçatkanyň gidrometeorologiýa merkeziniň ýolbaşçysy Wera Polýakowanyň habar bermegine görä, şeýle howa şertleri adatdan daşary hasaplanýar we örän seýrek bolýar. «Soňky gezek şular ýaly ýagdaý 1970-nji ýyllaryň başynda hasaba alyndy, şol wagt gysga wagtyň içinde birbada birnäçe aýyň gary ýagdy» – diýip, ol belledi. Şäherde adatdan daşary ýagdaý hereket etmegini dowam etdirýär, sebitde gar harsaňynyň howpy barada duýduryş yglan edildi. Şeýle-de bolsa, Kamçatka gar getiren siklonlar 17-nji ýanwara çenli yza çekilip başlady. Gar üýşmekleri sebäpli jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi-de wagtlaýyn togtadyldy, soňra çäklendirmeler bilen gaýtadan dikeldildi. Mekdepler we ülke edaralary uzak aralykdan iş düzgünine geçdi. Halasgärler, harbylar we meýletinçiler pensionerlere, maýyp adamlara we köp çagaly maşgalalara öýüň töweregini gardan arassalamaga kömek edýär, olara azyk önümlerini we derman serişdelerini eltip berýär. 19-njy ýanwarda adatdan daşary ýagdaýa jogap bermek boýunça komissiýanyň mejlisinde Kamçatka ülkesiniň gubernatory Wladimir Solodow esasy ýollary we geçelgeleri arassalamagy tabşyrdy. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri işjeň çatryklarda hereketi el bilen dolandyryp başlady. Kamçatkanyň ýaşaýjylary sosial ulgamlarda şeýle howa şertlerinde nähili ýaşaýandygy, mysal üçin, gar bilen örtülen köp gatly öýleriň penjiresinden nädip çykýandygy ýa-da öz awtoulaglaryny garyň içinden nädip gözläp tapýandygy barada wideolar bilen işjeň paýlaşýar. Şeýle kadrlaryň giňden ýaýraýan wagty emeli aň tarapyndan hakyky ýaly ýasalan adatdan daşary gar barada wideolar hem peýda bolup başlady. Bu wideolarda gar üýşmekleri köp gatly jaýlaryň dokuz gatyna çenli ýetýär, sebitiň ýaşaýjylary bolsa göni öz öýlerinden çykyp, gar depelerinden typyp oýnaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir