Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Kliff Butuň başdan geçirmeleri» (The Adventures of Cliff Booth) filminiň surata düşüriliş işleri resmi taýdan tamamlandy. Kwentin Tarantinonyň «Bir gezek... Golliwudda» filminiň dowamy bolan bu täze taslama şu ýylyň tomsunda Netflix platformasynda tomaşaçylara hödürlener. Bu gezek meşhur Dewid Finçer režissýorlyk kürsüsinde oturdy. Kwentin Tarantino bu taslamada diňe edebi esasy (ssenarini) ýazmak bilen çäklendi. Kaskadýor Kliff Butuň keşbini ýene-de Bred Pitt janlandyrdy. Ýatladyp geçsek, Pitt asyl filmdäki şu keşbi üçin «Oskar» baýragyna mynasyp bolupdy. Täze filmiň ýordum jikme-jiklikleri gizlin saklanýar. Diňe wakalaryň «Bir gzek... Golliwudda» filminden birnäçe ýyl soň bolup geçýändigi we Kliff Butuň ýene-de wakalaryň merkezinde boljakdygy mälimdir. Filmde beýleki esasy keşpleri Elizabet Debiki, Skott Kaan, Ýahýa Abdul-Matin II, Karla Gujino janlandyrýarlar. Filmiň anyk görkeziljek senesi Netflix tarapyndan ýakynda yglan ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir