Amazon kompaniýasy adybir oýun esasynda Fallout Shelter realiti-şüweleňiniň başlanjakdygyny yglan etdi. Korporasiýa ýeňijä ýa-da ýeňijilere "uly möçberde pul baýragyny" wada berýär. Gatnaşyjylar ýerasty gaçybatalgada (bunkerde) ýaşap, ýowuz synaglardan we dürli oýun tabşyryklaryndan (kwestlardan) geçerler, şeýle hem çylşyrymly ahlak saýlawlaryny etmeli bolarlar — hemme zat edil Fallout älemindäki ýaly bolar. Taslama üçin kastingler eýýäm açyk. Şüweleöiň çykjak senesi heniz yglan edilmedi. Jemi 10 bölüm çykarmak meýilleşdirilýär. Taslamanyň önümçiligi bilen Studio Lambert kompaniýasy meşgullanar (bu kompaniýa ozal "Kalmar oýny" esasyndaky realiti-şou, şeýle hem The Traitors we Undercover Boss ýaly taslamalary döredipdi). Şeýle hem, täze şüweleňiň üstünde Fallout serialyny döreden Kilter Films kompaniýasy işleýär.