Finlýandiýaly we şwesiýaly alymlar durmuş ýörelgesiniň saglyga iň güýçli täsir edýän döwrüni we garramanyň ilkinji alamatlarynyň haçan ýüze çykýandygyny öwrendiler. Finlýandiýada geçirilen barlaglar bedeniň 36-46 ýaş aralygynda has duýgur bolýandygyny görkezdi. Alymlar 1970-nji ýyllardan bäri toplanan maglumatlary seljerip, şu aşakdaky netijelere geldiler: 30 ýaşa çenli wagt bar: 20 ýaşlarynda zyýanly endikleri bolan, ýöne 30 ýaşyna çenli olardan saplanan adamlar, ortaça has sagdyn bolýarlar. Wagt geçse, yza öwrüp bolmaýar: Eger zyýanly endikler 40 ýaşa çenli dowam etse, saglyga ýetirilen zyýanyň öňüni almak mümkin bolmandyr. Geň galdyryjy fakt: 40 ýaşdan soň zyýanly endiklere başlanlaryň saglygyna ýetýän zyýan, ýaşlykdan başlanlara görä has az bolupdyr. Şwesiýanyň Karolinska institutynyň alymlary 47 ýyllap dowam eden barlagyň netijelerini Journal of Cachexia, Sarcopenia and Muscle žurnalynda çap etdiler. Olaryň netijeleri hem fin kärdeşleriniňkini tassyklady: Fiziki pese gaçyş: Ortaça 35 ýaşda başlanýar. Bu döwürden soň myşsalaryň güýji, çydamlylygy we umumy işjeňligi kem-kemden peselip başlaýar. Sportuň peýdasy: 35 ýaşdan soň hem işjeň türgenleşýän adamlar öz görkezijilerini 5–10% gowulandyryp bilipdirler. "Maşklar bedeniň garramagyny doly saklap bilmese-de, bu prosesi ep-esli haýalladýar" diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Mariýa Westerstol aýtdy.