Belarusda kriptobanklaryň döredilmegine resmi taýdan rugsat berildi. Degişli №19 belgili permana döwlet Baştutany gol çekdi. Milli bankyň meýilnamasyna görä, şeýle maliýe edaralarynyň ilkinjileri alty aýyň dowamynda işe başlar. Bu — adaty bankyň we kriptobiržanyň mümkinçiliklerini birleşdirýän özboluşly taslama diýip, BELTA habar berýär. Esasy täzelik — bitewi balans ulgamydyr. Kriptobank kriptohasaba gönüden-göni baglanyşykly töleg kartlaryny çykarmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa sanly pullar bilen dükanlarda adaty rubl ýaly aňsat hasaplaşmaga şert döreder. Raýatlar öz hyzmatlary üçin kriptowalýutada töleg kabul etmäge resmi taýdan hukuk alarlar. Şeýle hem täze maliýe gurallary peýda bolar, mysal üçin sanly aktiwleri girew goýup karz almak mümkinçiligi. Bu ýagdaý maýnerlere we maýadarlara kriptowalýutasyny satman, nagt serişdeleri almaga mümkinçilik berer. Ähli amallar Milli bank tarapyndan berk gözegçilikde saklanar. Iki gezekli ygtyýarnama we berk kadalar goýumlaryň we müşderileriň bähbitleriniň ygtybarly goragyny üpjün eder. Şeýle aç-açan ulgam ýurduň içine iri maýadarlary çekip, ykdysadyýetiň ösüşine güýçli itergi berer diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir