Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy hem-de bu ýerde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurduň gurluşyk, senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti A.Rejebow, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew we bu toplumyň döwrebaplaşdyryş işlerini geçirýän Türkiýäniň «Gap Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň wekili ynanylan wezipeleriň berjaý edilişi barada giňişleýin maglumatlary berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan işler häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar. Bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagyň garamagyna toplumy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berýän şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda toplumyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň ähli çägini abadanlaşdyrmak işleri tassyklanan meýilnama laýyklykda batly depginler bilen dowam edýär. Aýratyn-da, topluma gelýän ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol belgilerini degişli şekilleri ýerleşdirmek, onuň yşyklandyryş ulgamynyň aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman ugurlary barada maglumatlar berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Bu ugurda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Şeýle hem Gahryman Arkadag öňde boljak Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlygyň çäklerinde şanly toýuň meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürläp, döwlet Baştutanynyň meýilnamany tassyklan halatynda toý dabaralaryny şu ýylyň şygaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir