Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurduň kanunçylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, Migrasiýa hakynda, Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatynyň agzalarynyň, möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek boýunça Türkmenistanyň Mejlsiniň karary kabul edildi. Resminama laýyklykda, saýlawlary şu ýylyň 29-njy martynda ýekşenbe güni geçirmeklik bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti berkarar döwleti mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ýurduň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň, şeýle hem kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir