Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hepdeligiň çäklerinde ykdysady forumy, degişli iş toparlarynyň mejlislerini, duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň dowamynda sebitde ykdysady, energiýa serişdeleri, suw we daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika, ulag baglanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly sanly söwda-ykdysady geçelgelerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Döwlet Baştutany SPECA hepdeligini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir