16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Çakyýew Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli», TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerine utgaşdyrmakda esasy halka bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Döwlet Baştutany Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýetini belläp, ony döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanan teklibi makullady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.