Nissan kompaniýasy täze Nissan LEAF-yň Women’s Worldwide Car of the Year (WWCOTY) tarapyndan «Iň gowy ykjam awtomobil» adyny alandygyny habar berdi. Bu awtomobillere ýöriteleşýän diňe zenan žurnalistler tarapyndan berilýän ýeke-täk awtomobil baýragydyr. Baýrak awtoulaga howpsuzlyk, hil, baha, dizaýn, sürmekde rahatlyk, funksiýa we daşky gurşawa täsiri ýaly esasy ölçegler boýunça baha berýär. Düýbünden täze LEAF süýri dizaýna, artdyrylan ýol ätiýajy bilen kämilleşdirilen elektrik güýç enjamyna – 52 ýa-da 75 kWt/sag sygymly akkumulýatora – awtomobili ynamly dolandyrmak üçin ulanmakda aňsat tehnologiýalara eýe boldy. Gündelik rahatlyk üçin LEAF Google built-in hyzmatlary, şol sanda Google Maps, programma ýüklemek üçin Play Store we Google Assistant bilen üpjün edildi. Bu eliňi ulanmazdan, nawigasiýany, klimaty we multimediýany dolandyrmaga, şeýle-de şahsy programmalary sinhronizasiýa etmäge mümkinçilik berýär. «WWCOTY tarapyndan ykrar edilmek biziň elektromobilleri ähli sürüjiler üçin elýeterli we özüne çekiji etmäge ygrarlydygymyzy tassyklaýar» – diýip, Nissan-yň prezidenti we baş direktory Iwan Espinosa belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir