Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär. Huawei-niň bazar paýy 16,4% boldy, bu bolsa mukdar aňlatmasynda 46,7 mln satylan smartfona deňdir. Apple 16,2% görkeziji we 46,2 mln iPhone satuwy bilen ikinji orny eýeledi. Iki kompaniýanyň arasyndaky tapawut sähel boldy. Soňky gezek Huawei içerki bazarda birinji orny 2020-nji ýylda eýeläpdi. Soňky ýyllarda ABŞ-nyň hytaý öndürijisine tarap girizen sanksiýalary sebäpli kompaniýanyň orny gowşady. Ýylyň jemi boýunça üçünji orny 46,1 mln smartfon satan Vivo kompaniýasy eýeledi. Reýtingde bularyň yzyndan Xiaomi we Oppo ýerleşýär. Umuman, 2025-nji ýylda Hytaýyň smartfon bazary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,6% azaldy. Umumy satuw möçberi 284,6 mln smartfon boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir