Prada Hytaý Täze ýyly mynasybetli mahabat kampaniýasyny yglan etdi. Mahabatda esays üns taslamanyň merkezindäki moda öýüniň üçburç logotiplerinden düzülen Alawly Ata gönükdirilýär diýip WWD habar berýär. Suratlar malaýziýaly suratçy Çžun Lin tarapyndan düşürildi. Şeýle hem kampaniýa aktrisa Ýan Mi we stol üstündäki tennisiň oýunçysy Ma Lun hem gatnaşyp, 2026-njy ýylyň ýaz-tomus toplumyndaky lybaslarda çykyş etdiler. Alawly Atyň keşbini esas edinen kapmaniýanyň 22-nji ýanwardan başlap birnäçe ýerde – Şanhaý IFC Mall söwda merkeziniň atriumynda, Çendudaky IFS Mall söwda merkezinde we Şanhaýyň merkezindäki Prada Rong Zhai rezidensiýasynda gurnalmagy meýilleşdirilýär. 22-nji ýanwardan 14-nji fewrala çenli Alawly Atyň şekili täzelenen Prada Rong Zhai butikiniň fasadyny bezär. Mundan başga-da, 28-nji fewraldan 3-nji marta çenli, Çyra festiwalynyň öňüsyrasynda, ady agzalan dükanda Alawly At Ýarmarkasy atly üýtgeşik täsirli meýdança açylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir