Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi. Geýtsiň pikiriçe, emeli aň geljekde has giň elýeterli bolar we ýokary hilli lukmançylyk maslahatlaryny, bilim hyzmatlary ýaly çylşyrymly meseleleri-de çözmegi başarar. Mundan başga-da, önümçilik, logistika we oba hojalygyndaky işler hem wagtyň geçmegi bilen bölekleýin awtomatik ýagdaýa geçer. Bill Geýtsiň çaklamasy köpleri gyzyklandyrýar, sebäbi ol öň, 1999-njy ýylda smartfonlaryň, sosial medianyň we onlaýn iş düzgüniniň ösjekdigini hem çaklapdy. Bilşimiz ýaly, bularyň hemmesi amala aşdy. Şoňa görä, onuň häzirki çaklamasynyň hem ähmiýeti uly bolup durýar. Geçen ýyl Microsoft emeli aň tarapyndan özgerdilmegi mümkin bolan hünärler boýunça geçirilen seljermäni çap etdi. Bu seljerme, esasan, ýazyjylar, terjimeçiler we taryhçylar ýaly maglumat, döredijilik we aragatnaşyk işgärlerine degişlidir. Onda fiziki zähmet bilen baglanyşykly hünärler awtomatlaşdyrmakdan has az ejiz hasaplanýar. Geýtsiň bu çaklamasy tehnologiýa jemgyýetinde işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Şolaryň hatarynda Anthropic kompaniýasynyň baş direktory Dario Amodeý başlangyç derejeli ofis iş orunlarynyň ýarysyna çenlisiniň bäş ýylyň içinde ýok bolup biljekdigi hakyndaky pikirini paýlaşsa, Mercedes-Benz kompaniýasynyň baş dizaýneri hem geljekde öz iş ornuny emeli aňyň eýelejekdigine we munuň kompaniýalar üçin has arzan düşjekdigini belleýär. Muňa garamazdan, milliarder Mark Kuban bolsa, ösen tehnologiýanyň iş orunlaryny azaltmagyň tersine, köp iş ornuny döretjekdigini öňe sürýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir