Şu ýyl Mark Sukerberg Meta kompaniýasynda iň gowy işlänler üçin täze bonuslary we işiň netijelerini bahalandyrmak ulgamyny girizýär diýip, Business Insider habar berýär. Bonuslaryň möçberi dürli ölçeglere esaslanar. Oňa laýyklykda Meta-nyň işgärleri şu bonuslaryň eýeleri bolup bilerler: Toparyň girdejisini artdyryp ýa-da täze ulanyjylary çekmegi başaran bolsalar esasy aýlyklarynyň 300%-ine çenli; Taslamany düýpli öňe iteren, wagty tygşytlan, prosesi gowulandyran bolsalar 200%; Öz wezipe borçlaryny durnukly hem gowy ýerine ýetiren bolsalar 115%; Tabşyrylan möhlete çenli ýetişmän ýa-da ýaramaz işlän bolsalar 0-dan 50% -e çenli. «Bu üýtgeşmeleriň maksady iň gowy işlänleri has görnükli sylaglamak we toparyň umumy işini gowulandyrmak bolup durýar» diýip, Meta belleýär. Täze Checkpoint ulgamy öňki ýyllyk bahalandyrmalaryň ornuny tutýar we onuň kömegi bilen işgärleriň zähmeti indi has ýygy-ýygydan gözden geçiriler. Esasy üns bolsa olaryň önümlere, biznes netijelerine we kompaniýanyň ileri tutýan strategik ugurlaryna goşan aýratyn goşantlaryna gönükdiriler. Şeýlelikde Meta dolandyryşa yzygiderli we açyk seslenip durmagyň iň gowy işleýänleri we islegi kanagatlandyrmaýanlary tiz kesgitlemäge kömek etjekdigine ynanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir