Ýakynda Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlaryndan alajabars barada hereket duýujy surat enjamlaryndan maglumatlar alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda öň geçirilen barlaglarda ene alajagaplaň pişijekleri bilen hasaba alnypdy. Şonda ene alajagaplaňa «Umyt» diýlip at goýulypdy. Habarda bellenilişi ýaly, goraghananyň meýdanlarynda ýaşaýan başga-da bir ene alajagaplaňyň pişijegi bilen surat enjamyna düşendigi anyklanyldy. Netijede, ýene-de bir ene alajagaplaňyň köpelendigi baradaky alnan täze maglumatyň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär. Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň ýabany pişikler boýunça agzasy Tatjana Rozen alajagaplaňyňdyr ýabany pişikleriň başga görnüşleriniň ekologiýasyny we biologiýasyny ylmy tarapdan öwrenmekde «Сonservation Х Lab» guramasy bilen goraghanalaryň bilelikde ylmy gözegçilikleri geçirýändigini belleýär. Şeýlelikde, Bathyzda alajagaplaňlaryň durnukly köpelýän toparynyň bardygy ýüze çykarylşy. Bu maglumatlar goraghananyň meýdanlarynda alajagaplaňlaryň ýaşaýşy we köpelmegi üçin amatly şertleriň bardygyny subut edýär.