Mary welaýatynda ýer eýeleri 17 müň 900 gektar meýdanda gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Her gün ýüzlerçe gektaryň hasyly ýygnalyp alynýar diýlip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, şugundyrdan boşan ýerler ýazky ekişe taýýarlanylýar. Garagum, Baýramaly, Sakarçäge, Mary, Wekilbazar we beýleki birnäçe etraplaryň hasyl ussatlary azyklyk ekiniň bereketli hasylyny ýetişdirmekde we ýygnap almakda baý iş tejribesini topladylar. Kärendeçidir ýer eýeleri 2026-njy ýylda jemi 224 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap alarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir