Türkmenistanyň halk artisti Nurygandym Hojamuhammedow simfoniki, kamera-instrumental, kamera-wokal, wokal-simfoniki we hor sazlary žanrlarynda, şeýle hem kinofilmler üçin ýazylan sazlaryň awtory bolup, ol şu günler 70 ýaşyny belleýär. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, ol opera ýaly iň çylşyrymly žanrda işleýän häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň az sanlysynyň biridir. Onuň döredijilik mirasynda üç iri opera eseri bar. Olaryň ikisi — «Hüýrlükga-Hemra» we «Nejep oglan» opera-dessan žanrynda döredilipdir. «Ruhubelentler» operasy bolsa häzirki zaman ýaşlar tematikasyna bagyşlanandyr. N. Hojamuhammedow türkmen saz sungatynyň nusgawy wekili A. Agajykowyň «Saýathan» operasynyň saz materialyny dikeltmek we täzeden işlemek işine hem işjeň gatnaşdy. Bu çylşyrymly we zähmetli iş köp babatda eseriň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasyna gaýtadan dolanmagyna ýardam etdi. N. Hojamuhammedow milli harby-watançylyk sazy žanryna hem uly goşant goşdy. Ol üflenip çalynýan saz gurallary orkestri üçin «Türkmen atlylaryň marşy» we «Hormat garawulynyň dabaraly ýöriş sazy» atly iki dabaraly ýöriş saz eserini, şeýle hem birnäçe garşylama we dabaraly ýüriş sazlaryny, harby orkestrler üçin parad sazlarynyny, 50-den gowrak nyzam ýöriş sazlaryny döretdi. 2003-nji ýyldan häzirki wagta çenli ol Mukamlar köşgüniň «Owaz» estrada orkestrine ýolbaşçylyk edip gelýär. Orkestriň repertuarynda türkmen we daşary ýurt estrada sazlary bilen birlikde kompozitoryň öz eserleri hem bar. N. Hojamuhammedow köp ýyllaryny mugallymçylyga bagyşlap, ýaş nesle özboluşly tejribesini geçirdi. Häzirki wagtda kompozitor biziň döwrümizde seýrek eşidilýän halk aýdym-saz nusgalaryna esaslanjak instrumental eserleri döretmek baradaky döredijilik pikiriniň üstünde işleýär. «Men gadymy mukamlary bilen häzirki zaman sazy bilen birleşdirmek, gadymy sazlary simfoniki orkestriň saz gurallarynyň üsti bilen gaýtadan işläp ösdürmek we olary kompýuter tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak isleýärin» - diýip, sazanda belledi. N. Hojamuhammedow adamyň öz niýetini duýmagynyň, bu dünýä näme üçin gelendigine düşünmeginiň möhümdigine tüýs ýürekden ynanýar. Muňa düşünmek bilen, dünýä özboluşly goşant goşmagyň zerurdygyny belleýär. «Meniň üçin bu — saz döretmekdir» — diýip, ol belledi. senagat tehnologyalar