Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Bäherden sement zawodynyň bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümlerine isleg barha artýar. Muňa tamamlanan 2025-nji ýylyň önümçilik görkezijileri hem şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýyl bu ýerde 351 million 572 müň 800 manatlykdan gowrak sement öndürildi. Şeýlelikde, ozalky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 174,49 göterimden gowrak ösüş depgini üpjün edildi. Geçen ýylda kärhanada öndürilen ýokary hilli sement sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy. Kärhananyň ýokary hilli gurluşyk serişdesi ýurtda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda giňden ulanylýar diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir