Ermenistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik duşuşygy boldy. Bu barada Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. Duşuşyga dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, ulag-logistika ulgamy, zergärçilik pudagy we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar gatnaşdy. Açylyş dabarasynda Ermenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wise-prezidenti Nerses Karamanukýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Begenç Arazow we Ermenistanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Edgar Zakarýan çykyş etdiler. Olar ikitaraplaýyn haryt dolanşygy, ykdysadyýeti ösdürmek mümkinçilikleri, iki ýurtda hem telekeçilik bilen meşgullanmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada gürrüň berdiler. Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanda we Ermenistanda biznes gurmagyň hem-de maýa goýumlaryny goýmagyň mümkinçilikleri barada tanyşdyryş prezentasiýalar görkezildi. Işewürlik duşuşygynyň çäklerinde B2B görnüşindäki gepleşikler geçirildi we olaryň dowamynda türkmen hem-de ermeni kompaniýalarynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir