Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki nahar duzuny öndürýän «Guwlyduz» kärhanasynda 2025-nji ýylda gazlyp alnan duzuň möçberi 97 müň 53 tonnadan gowrak boldy. Netijede meýilnama 102,2 göterim berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, kärhana däneli duzuň meýilnamada görkezilen 84 müň 400 tonnasyna derek 86 müň 270 tonnasyny öndürip, degişli meýilnamany 102,2 göterim ýerine ýetirdi. Kärhana boýunça şu hasabat döwründe gaplanan nahar duzunyň 23 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bu kärhananyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarlarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe ýurtda däl, tutuş dünýäde hem duzuň iň köp gorunyň jemlenen ýerleriniň biri hasaplanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir