2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçiriler. Bu taryhy duşuşygy ýokary derejede guramak, daşary ýurtly myhmanlar, toparlar, eminler we janköýerler üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 500 meýletinçi talyby uly taýýarlyk işlerini alyp barýar. Ýokary okuw mekdebinden berlen maglumata görä, meýletinçileriň işi birnäçe ugurlar boýunça bölünipdir: Daşary ýurt wekilleri bilen işleşmek: Daşary ýurt dillerini kämil bilýän 15 sany meýletinçiden ybarat topar döredildi. Media goldawy: Duşuşygyň köpçülikleýin habar beriş sergilerinde beýan edilmegi üçin «sport žurnalistikasy» hünärinde okaýan 15 talypdan ybarat meýletinçi media topary döredildi. Ulgamlaýyn utgaşdyrma: Meýletinçileriň işine institutynyň 50 sany tejribeli mugallymy ýolbaşçylyk edýär. 13 — 22-nji ýanwar aralygynda meýletinçiler üçin ýörite okuw sapaklary geçirilýär. Talyplara meýletinçilik etikasy, janköýerler bilen aragatnaşyk saklamagyň düzgünleri, hyzmat ediş medeniýeti, howpsuzlyk talaplary we adatdan daşary ýagdaýlarda edilmeli hereketler öwredilýär. Şeýle hem olar halkara sport protokoly bilen jikme-jik tanyşdyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde duşuşygy halkara standartlara laýyklykda geçirmek boýunça guramaçylyk işleri güýçli depginde dowam edýär.