12 — 16-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) Germaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Okuw maslahatynyň dowamynda bilim bermekde okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, professor-mugallymlaryň we talyplaryň halkara derejesinde hünärini ýokarlandyrmaga hem-de tejribe alyşmaga aýratyn üns berilýär. Sapaklar tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylara halkara güwänamalaryny gowşurmak meýilleşdirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Germaniýanyň Galle-Wittenberg şäheriniň Martin Lýuter adyndaky uniwersiteti hem-de Klaustal tehniki uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara düşünişmek baradaky Ähtnamalaryň çäklerinde guralýar. Hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de TDEI-niň täze okuw binasynyň açylmagy mynasybetli gol çekilipdi. Şol wagt hem institutda nemes hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda durnukly energetika ulgamlaryna we gaýtadan dikeldilýän tehnologiýalara bagyşlanan ilkinji okuw maslahaty geçirilipdi. Bilelikdäki çäreler Türkmenistanyň durnukly energetika ulgamyndaky ylmy mümkinçiliklerini ösdürmäge we ýokary hünärli kadrlary taýýarlamaga gönükdirilendir. Taslamalar Ýewropa Bileleşiginiň başlangyçlary hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) goldawy bilen durmuşa geçirilýär.