"Australian Open" ýaryşynyň çäklerinde baýrak gaznasy 1 million awstraliýa dollary (takmynan 668 000 dollar) bolan täze "1 Point Slam" görkezme ýaryşy geçirildi. Bu täsin ýaryşyň ýeňijisi 29 ýaşly höwesjeň tennisçi Jordan Smit boldy. Ýaryşa Awstraliýanyň dürli künjeklerinden jemi 48 tennisçi, şol sanda hünärmenler, weteranlar we höwesjeňler gatnaşdy. Bäsleşigiň ähli oýunlary adatdan daşary formatda, ýagny diňe bir utuk üçin geçirildi. Oýunçylar ilki bilen “daş, kagyz, gaýçy” oýny arkaly topy oýna girizijini kesgitlediler, şondan soň bolsa ýeke-täk utuk oýnaldy. Şol utugy alan türgen göni indiki tapgyra geçdi, finalyň ýeňijisi bolsa tutuş baýrak gaznasyna eýe boldy. Jordan Smit ýaryşyň üçünji tapgyrynda dünýäniň ikinji raketkasy Ýannik Sinnerden üstün çykdy. Finalda bolsa awstraliýaly höwesjeň dünýäniň 117-nji raketkasy, taýwanly 24 ýaşly Joanna Garlandy ýeňmegi başardy. Dünýäniň birinji raketkasy, ispaniýaly Karlos Alkaras hem üçünji tapgyrda ýaryşdan çykdy. Ol reýtingde 52-nji orunda durýan gresiýaly tennisçi Mariýa Sakkariden ýeňildi. Jordan Smit Täze Günorta Uels ştatynyň çempionydyr. "1 Point Slam" ýaryşynda iň gowy netije görkezen ýene iki sany höwesjeň türgen "Australian Open-iň" hemaýatkäri tarapyndan goýlan Kia EV9 awtoulagyny utmak ugrundaky aýratyn bäsleşige gatnaşdy. Şol duşuşykda Smit Kwinslend ştatynyň çempiony, 23 ýaşly Alek Rewerenteden ýeňildi. Möwsümiň ilkinji “Uly şlem” (Grand Slam) ýaryşy bolan Australian Open 12-nji ýanwardan 1-nji fewrala çenli dowam edýär.