Ýylyň başynda reňkli metallaryň bazarynda çalt ösüş hasaba alyndy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, galaýy we misiň bahalary taryhy rekord derejelerine ýetdi. Londonyň Metal Biržasynda (LME) galaýynyň bahasy 6% ýokarlanyp, bir tonnasy üçin 52 495 dollara ýetdi. Ýylyň başyndan bäri galaýy tas 30% gymmatlap, 2022-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem geçdi. Misiň bahasy bir tonna üçin 13 000 dollarlyk sepgitden ýokary galdy. Şeýle hem nikel, sink we alýuminiň nyrhlarynda durnukly ösüş meýilleri synlanýar. Maýadarlar aşakdaky faktorlar sebäpli senagat metallaryna bolan gyzyklanmasyny artdyrdylar: ABŞ-nyň Federal Ätiýaçlyk ulgamynyň (FED) pul-karz syýasatyny ýumşatmagyna we dollaryň peselmegine bolan garaşmalar; Emeli aň (AI) tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösmegi (bu pudak uly mukdarda metal sarp edýär); Gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagyndaky uly isleg. Alty sany esasy metalyň umumy ýagdaýyny görkezýän LMEX indeksi soňky üç ýylyň içinde iň ýokary görkezijisine golaýlady. LME-de galaýy bazary beýleki metallara görä iň az likwidli (puluň dolanyşygy pesräk) bolmagynda galýar, bu bolsa nyrhlaryň birden üýtgemegine sebäp bolýar. Bahalaryň gymmatlamagyna Hytaýyň Şanhaý fýuçers biržasyndaky güýçli isleg hem uly itergi berdi. Ol ýerde galaýynyň bahasy çarşenbe güni 9% töweregi ýokarlanyp, bir tonnasy 413 170 ýuana ($59 212) ýetdi we täze taryhy rekordy goýdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir