Günorta Koreýanyň Hanbat Milli uniwersitetiniň we Konju Milli uniwersitetiniň ylmy işgärleri elektrik toguna birikdirilmezden ýagtylyk derejesini özbaşdak kadalaşdyrmaga we ultramelewşe şöhlelerinden goramaga ukyply akylly penjire döretdiler. Penjire işlenen dykyz hilli agaçdan we polimer bilen ýaýradylan suwuk kristallardan ybarat kompozit materialdan ýasaldy. Daşky gurşawyň temperaturasyna baglylykda durkuny üýtgedýän penjire otag temperaturasynda düşýän ýagtylygyň takmynan 28% -ini geçirýär. 40°C-a çenli gyzgynlykda onuň ýagtylyk geçirijiligi 550 nanometr tolkun uzynlygynda 78% -e çenli ýokarlanýar. Laboratoriýa synaglary ýalpyldawuk agaçlaryň ultramelewşe şöhleleriniň tas 100%-ini saklaýandygyny görkezdi. Bu täsir, materialyň molekulýar gurluşynyň J-agregasiýa diýlip atlandyrylýan aýratyn bölegi bilen baglanyşyklydyr. Täze penjiräniň ýylylyk geçirijiligi 0,197 W/m K bolup, bu adaty aýnanyňkydan bäş esse pesdir. Hanbat Milli uniwersitetiniň doktory Jin Kimiň aýtmagyna görä, pes ýylylyk geçirijiligi ýylylygyň gyşdaky ýitgisini we tomusdaky artykmaçlygyny ep-esli azaldýar. Temperatura peselende, material otaga ýagtylygy ýaýratsa, gije, tersine, otagy garaňkyladýar. Öndürijiler bu tehnologiýanyň awtomatik Gün şöhlesine uýgunlaşdyrylan ýyladyşhanalarda, şeýle hem lukmançylykda, bedeniň temperaturasy 38°C-den ýokary galanda ýalpyldysyny üýtgedýän plastyrlary döretmek üçin ulanmagyň mümkindigini belleýärler.