Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar. Finke derýasy aranda aborigenleriniň dilinde Larapinta ady bilen hem bellidir. Bu derýa 640 kilometrden hem gowrak uzalyp gidýän derýalaryň we kanallaryň ulgamydyr. Derýanyň akymy Demirgazyk territoriýanyň we Günorta Awstraliýanyň içinden geçýär. Materigiň merkezi böleginde gurak howa sebäpli derýanyň yzygiderli akymy ýok. Ýylyň köp böleginde ol aýratyn suw howdanlarynyň zynjyry ýaly görünýär. Derýanyň ýaşy geologik maglumatlara, şemallanma ýagdaýynyň seljermesine we onuň töweregindäki çökündilerde we gaýalarda radionuklid derejesiniň ölçeglerine esaslanyp kesgitlenildi. Bu maglumatlar derýa ulgamynyň emele gelmegini paleozoý eýýamynyň dewon (419–359 million ýyl mundan ozalky) ýa-da daş-kömür döwrüne (359–299 million ýyl ozalky) degişli diýip hasaplamaga esas berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir