ABŞ-nyň Döwlet departamenti 75 ýurduň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny bermegi togtadýar diýip, Fox News departamentiň gulluk beýanyna salgylanyp habar berdi. Teleýaýlym tarapyndan gözden geçirilen içki resminama görä, ilçihanalaryň işgärleri arzaçylary barlamak we saýlamak işleri tamamlanýança wiza bermekden wagtlaýyn saklanmalydyrlar. Togtadylma 21-nji ýanwarda başlanar we wiza düzgünleri täzeden gözden geçirilýänçä öz güýjünde galar. Döwlet departamenti çäklendirmeleriň, ABŞ hökümetiniň gelen netijesine görä, raýatlary salgyt töleýjiler tarapyndan maliýeleşdirilýän hem ýygy jemgyýetçilik kömegini alýan ýurtlara girizilýändigini düşündirdi. Çäklendirmeler häkimiýetler täze migrantlaryň jemgyýete maliýe ýüküne öwrülmezligine kepil geçýänçä güýjünde galar. Migrant wizalary daşary ýurtlulara hemişelik ýaşamak üçin ABŞ-a göçmäge mümkinçilik berýär. Fox News teleýaýlymynyň habarynda wiza togtadylan ýurtlaryň sanawyna Owganystan, Albaniýa, Alžir, Antigua, Barbuda, Ermenistan, Azerbaýjan, Bagam adalary, Bangladeş, Barbados, Belarus, Beliz, Butan, Bosniýa, Braziliýa, Mýanma, Kamboja, Kamerun, Kabo-Werde, Kolumbiýa, Kot-d'Iwuar, Kuba, Kongo Demokratik Respublikasy, Dominika, Müsür, Eritreýa, Efiopiýa, Fiji, Gambiýa, Gruziýa, Gana, Grenada, Gwatemala, Gwineýa, Gaiti, Eýran, Yrak, Ýamaýka, Iordaniýa, Gazagystan, Kosowa, Kuweýt, Gyrgyzystan, Laos, Liwan, Liberiýa, Liwiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Moldowa, Mongoliýa, Çernogoriýa, Marokko, Nepal, Nikaragua, Nigeriýa, Pakistan, Kongo Respublikasy, Russiýa, Ruanda, Sent-Kits we Newis, Sent-Lýusiýa, Sent-Winsent we Grenadinler, Senegal, Sýerra-Leone, Somali, Günorta Sudan, Sudan, Siriýa, Tanzaniýa, Taýland, Togo, Tunis, Uganda, Urugwaý, Özbegistan, Ýemen girýär.