«Formula-1-iň» ýedi gezek dünýä çempiony Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy ýanwar aýynyň ahyrynda 5,5 mln ýewrodan 7,5 mln ýewro çenli baha bilen Sotheby’s auksionyna çykarylar. Şumaher Ferrari F310 B ulagyny 1997-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisiniň ýaryş uikendinde sürdi. Ulag Spa-Frankoşam ýolunda geçirilen saýlama ýaryşlarynda ulanyldy. Şol ýyl Italiýanyň we Awstriýanyň Gran-prilerinde ruluň başyna onuň topardaşy Eddi Irwaýn hem geçdi. 1999-njy ýylda bolid kolleksionerler toparyna satyldy. Şondan soň ol dürli çärelerde, şol sanda 2019-njy ýylda Şumaheriň 50 ýyllygyna bagyşlanyp, Beýik Britaniýanyň Gudwud ýolunda geçirilen Tizlik festiwalynda hem-de ABŞ-daky çärelerde ulanyldy. Auksion 28-nji ýanwarda geçiriler. Mihael Şumaher 1996-njy ýyldan 2006 ýyl aralygynda «Ferraride» çykyş eden germaniýaly ýaryşa gatnaşyjydyr. Ol topar bilen bilelikde yzygider bäş çempionlyk titulyny gazandy, ýöne «Formula-1-däki» ilkinji iki titulyna 1994-nji we 1995-nji ýyllarda «Benettonyň» düzüminde wagty mynasyp boldy. 2013-nji ýylyň dekabrynda Şumaher Alplardaky dag lyžasynda agyr şikes aldy. 2021-nji ýylda çykan Netflix-iň dokumental filminde Şumaheriň aýaly we ogly onuň özbaşdak hereket etmäge hem-de daş-töwerekdäkiler bilen doly derejeli aragatnaşygy saklamaga ukyply däldigini aýtdy.