Wenada (Awstriýa) geçiriljek şanly 70-nji «Ýewrowideniýe-2026» aýdym-saz bäsleşigi üçin petekler rekord derejeli gysga wagtda satylyp gutardy. Final üçin petekler satuw başlanyndan soň bary-ýogy 14 minutda, ýarym finallar we şou-prewýu üçin petekler bolsa 20 minutyň içinde diýen ýaly satyldy diýip, Deutsche Welle habar berýär. Dünýädäki muşdaklar ähli şüweleňler üçin petekleri bronlama ulgamy işläp başlanyndan soňky ilkinji birnäçe sagatda satyn alyp ýetişdi. Guramaçylar, aýratynam, ýubileý ýylynda şeýle uly islegi «bäsleşigiň giňden belli bolmagy we onuň tomaşaçylary birleşdirmek ukyby» bilen baglanyşdyrýar. Bäsleşik Winer Ştadthalle stadionynda geçiriler: ýarym finallar 12-nji we 14-nji maýa, final bolsa 16-njy maýa meýilleşdirilýär. Bu seneler bäsleşigi Awstriýanyň ORF ýaýlym guramasy bilen bilelikde gurnaýan Ýewropa ýaýlym bileleşigi tarapyndan tassyklandy. Ýaryşa 35 ýurt gatnaşar. Şeýle-de bolsa, bäsleşik millionlarça tomaşaçyny özüne çekýän we aýdym-saz dessurlarynyň köpdürlüligini görkezýän medeni waka bolmagynda galýar. Petekleriň çalt satylmagy onuň hatda şeýle çylşyrymly döwürlerde-de meşhurlygyny tassyklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir