Amerikaly milliarder Ilon Mask «SpaceX» kompaniýasyny beýleki ýyldyz ulgamlaryna syýahat etmek we başga siwilizasiýalar bilen duşuşmak maksady bilen döredendigini aýtdy. «Biz «Ýyldyzly ýoly» hakykata öwürmek isleýäris. Ol hemişe ylmy fantastikalygyna galyp bilmez, ol ylmy hakykata öwrüler» diýip, işewür nygtady. «Uly kosmos gämileri älemiň giňişliklerini gulaçlaýarlar, adamlar beýleki planetalara uçýarlar» diýip, Mask geljegi suratlandyrdy. Onuň sözlerine görä, Ýeriň ýaşaýjylary iru-giç beýleki ýyldyz ulgamlaryna ýola düşüp, başga planetalylar bilen duşuşarlar. Ilon Mask «SpaceX» kompaniýasyny 2002-nji ýylda esaslandyrdy. Bu barada «rg.ru» ýazýar.