MUSULMAN AHLAGY Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýtdylar: „Mu'min adama adamlary masgara etmek, olary lagnatlamak, ahlaksyz (gelşiksiz) hereket etmek gelişmez (ýaraşmaz).“ ŞERHI: Mu'miniň ahlagy imanynyň netijesidir. Adamlar bilen oňşukly, ylalaşykly gatnaşyk saklap bilmeýän adam, Allah (jelle jelaluhu) bilen nähili sazlaşykly we dogry gatnaşyk saklap biler? Adamyň amal we hereketleri onuň kalp we aňynyň aýnasydyr. Mu'min (iman getiren) söziniň özüniň bir agramy we ahlagy bardyr. Iman getiren adam başgalaryň üstünden gülüp, dil ýetirip, kemçiligini gözläp, masgara etmek bilen meşgul bolup bilermi? Kalp we aňynda şonuň ýaly niýet we düşünje bolup bilermi? Adamlara sögip, olary lagnatlap, ahyretiniň we dünýäsiniň heläk bolmagyny isleýän adama mu'min ady, sejde amaly, Allahyň (jelle jelaluhu) halyfy derejesi gelişýärmi? Akla sygýarmy? Mu'mine ahlaksyz hereketler, ýagny gysgançlyk, ýalan sözlemek, bihaýalyk, şerraýlyk, gybat, göriplik, gedemlik, öz bähbidiňden başga hiç kimiň hak-hukuklaryna hormat-sylag goýmazlyk, göwniýetmezçilik, ýaşulylary sylamazlyk, ýaşkiçilere-de mähirsizlik, maşgalaňda biedeplik, söwda işlerinde ygtybarsyzlyk, açgözlilik we ş.m. mu'mine gelişýärmi? Bu zatlar hidaýet bilen sazlaşykly bolup bilermi? Mu'min adamyň dili hapa bolup bilermi? Dil içiňdäki ruhy ýagdaýyň aýnasy dälmidir, Utanjyň, haýanyň, edep-ahlagyň, Allaha (jelle jelaluhu) bolan hormat sylagyň görkezmesi dälmidir? Şu ýaman häsiýetler imandan gelip bilermi? Ýok bolsa, onda bu hapalyk nireden gelip çykýar we nireden kök alýar? Gözel, owadan sözler, özüňi öwmek we başgalara nesihat edip ýörmek mu'miniň ahlagyny görkezmez. Iman-adamyň adamlar bilen gatnaşygyndaky tertipde iň gowy şekilde özüňi görkezýär. Ylym we takwa eýesi adamlar şoňa aňsatlyk bilen düşinip, özleri üçin dogry netijeler çykararlar.

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir