HHR-nyň Suçžou uniwersitetiniň alymlary kagyz galyňlygyndaky çeýe fotoelektrik panel döretdiler. Ol kristal kremniniň we perowskitiň inçejik gatlaryndan ybarat diýip, Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi. Fotoelektrik enjam özünde däp bolup gelýän materiallary jemleýär, şunda her bir gatlak Gün şöhlesiniň kesgitli tolkunlaryny tutýar diýip, professor Çžan Sýaohuna gürrüň berýär. Netijede, täze batareýa Gün energiýasynyň has giň çägini özüne siňdirmek bilen, ony uly möçberde elektrik toguna öwürýär. Habarda täze açyşyň kosmos enjamlarynda we maglumatlary işlemek merkezlerinde peýdalanyljakdygy aýdylýar.