Afrika milletleriniň kubogynyň finalçylary kesgitlendi. Titul ugrunda Senegalyň milli ýygyndysy bilen ýaryşyň ýer eýesi Marokko göreşer. Tanžer şäherinde geçirilen birinji ýarym final oýnunda senegallylar az hasap bilen (1:0) ýaryşyň esasy toparlarynyň birini – Müsüriň milli ýygyndysyny utdy. Ýatlap geçsek, bu ýerde «Liwerpulyň» hüjümçisi Mohamed Salah we «Mançester Sitiniň» hüjümçisi Omar Marmuş çykyş edýär. Oýun Tanžerdäki «Stad Ibn-Batuta» stadionynda geçirildi. Senegallylar Sadio Maneniň goly bilen ýeňiş gazandy. Salahyň öňki klubdaşy, häzir saud «Al-Nasrynda» oýnaýan futbolçy duşuşygyň 78-nji minutynda gol geçirdi. Rabatdaky «Şazada Mulla Abdulla» stadionynda geçirilen duşuşykda Marokko bilen Nigeriýanyň milli ýygyndylary janköýerleri gol bilen begendirip bilmedi. Oýnuň esasy we goşmaça wagty hasap açylmazdan tamamlandy. Marokkonyň futbolçylary oýundan soňky penalti tapgyrynda has takyk boldy – 4:2. Indi Müsür bilen Nigeriýa 17-nji ýanwarda bürünç medal üçin oýunda duşuşar (başlanýan wagty Aşgabat boýunça 21:00). Ýaryşyň finaly 19-njy ýanwara geçilýän gije (başlanýan wagty 00:00) geçiriler. Oýny 69500 tomaşaçyny sygdyrýan «Şazada Mulla Abdulla» meýdançasy kabul eder. Afrika milletleriniň kubogynyň häzirki ýeňijisi Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysydyr. Ol 2023-nji ýylyň ýaryşynyň finalynda Nigeriýany 2:1 hasabynda utdy. Häzirki ýaryşda Kot-d’Iwuar dörtden bir finalda müsürlilerden 3:2 hasabynda utulyp, ýaryşdan çykdy.