16-njy ýanwarda EA Sports FC 26 oýnunda 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçylaryna bagyşlanan «Ýylyň topary» ady bilen uly oýun wakasy başlar. Ultimate Team režiminde geçen 12 aýyň dowamynda futbolda has tapawutlanan meşhur oýunçylaryň täze kartoçkalary peýda bolar. Datamaýnerleriň bellemegine görä, şu ýyl «Ýylyň topary» sanawyna ilkinji gezek Kriştianu Ronaldu bilen Lionel Messi girmedi. Ozal futbolçylaryň ikisi-de FIFA 2009-da Ultimate Team režimi peýda bolany bäri ahyrky düzüme yzygiderli goşulýardy. Şeýle-de, waka wagty işläp düzüjiler birnäçe uly «ewolýusiýalary» çykarmagy meýilleşdirýär. Olaryň kömegi bilen oýunçylar häzirkizaman futbolynyň ykrar edilen ýyldyzlarynyň adaty kartoçkalaryny has güýçlendirip biler. Messi bilen Ronaldunyň maýda «Möwsümiň toparynda», Saud Arabystanynyň we MLS-iň çempionatlarynyň iň gowy oýunçylarynyň çykmagy bilen bir wagtda peýda bolmagy mümkin. Ýöne olar geçen ýylyň simwolik toparyna goşulmandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir