«Mançester Ýunaýtediň» öňki ýarymgoragçysy Maýkl Karrik klubuň wagtlaýyn baş tälimçisi wezipesine bellendi. Ol bu wezipäni häzirki möwsümiň ahyryna çenli eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär. 44 ýaşly hünärmen beýleki dalaşgärden – klubuň öňki tälimçisi Ule-Gunnar Sulşerden öňe geçdi. 2024-nji ýylyň noýabryndan bäri «Mançester Ýunaýtede» portugaliýaly hünärmen Ruben Amorim ýolbaşçylyk edýärdi. Ol 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda işden çykaryldy. Amorim gidenden soň, baş tälimçiniň wezipe borçlaryny Darren Fletçer ýerine ýetirdi. Onuň ýolbaşçylygynda klub «Býornli» bilen deňme-deň (2:2) oýnady we öýünde «Braýtondan» utulyp (1:2), Angliýanyň Kubogyndan çykdy. Karrik üçin bu eýýäm topara wagtlaýyn ýolbaşçylyk etmekde ikinji tejribesi bolar. 2021-nji ýylyň noýabrynda, Sulşer işden çykarylandan soň, ol üç oýunlyk «Ýunaýtede» tälimçilik etdi we iki ýeňiş («Wilýarreala» we «Arsenala» garşy) we bir deňme-deňlik («Çelsi») gazandy. Oýunçy hökmünde Karrik «Mançester Ýunaýtedde» 12 ýyl oýnap, 464 oýna gatnaşdy we Premýer-liganyň bäş titulyny hem Çempionlar ligasyny utdy. Ol karýerasyny tamamlandan soň, tälimçiler ştabyna goşuldy. Baş tälimçi hökmünde ilkinji doly derejeli tejribesine bolsa «Midlsbroda» başlady, ony 2025-nji ýylyň tomsunda terk etdi. Häzirki möwsümde «Mançester Ýunaýted» milli kuboklaryň ikisinden: Angliýanyň Kubogyndan we Angliýanyň futbol ligasynyň kubogyndan irki tapgyrda çykdy. Premýer-ligada topar 21 tapgyrdan soň 32 utuk bilen ýedinji orny eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir