Huawei we JAC tarapyndan bilelikde işlenip düzülen Maextro S800 sedany, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň netijelerine görä, bahasy 700 000 ýuandan (100 000 dollardan gowrak) ýokary bolan awtoulaglaryň arasynda Hytaýyň bazarynda birinji orny eýeledi. Haidaxing ECC seljeriş platformasynyň maglumatlaryna görä, bir aýyň dowamynda bu modeliň 4 376 sanysy satyldy. Bu görkeziji agzalan baha segmentindäki iň ýakyn üç bäsdeşiň umumy satuwyndan hem köp boldy. Bäsdeşleriň görkezijileri aşakdaky ýaly: Porsche Panamera: 1 593 sany (2-nji orun). BMW 7 Series: 1 429 sany (3-nji orun). Maybach S-Class: 1 118 sany (4-nji orun). Mercedes-Benz S-Class bir aýda diňe üç belgili görkezijini gazanyp, 923 sany satyldy. Audi A8 bolsa has pes netije bilen 511 sany satuw amala aşyrdy. Şeýlelikde, Maextro S800 diňe bir reýtingde birinji bolmak bilen çäklenmän, eýsem Hytaýyň ultra-premium segmentinde dünýä belli brendleri yzda galdyryp, öň görlüp-eşidilmedik agdyklyk görkezdi. Bu üstünlik Huawei-iň awtoulag senagatyndaky täsiriniň barha artýandygyny tassyklady.