Google kompaniýasy The Guardian tarapyndan barlanylandan soň, emeli aň tarapyndan döredilýän gysgaça jogaplaryň (AI Overviews) bir bölegini aýyrdy. Žurnalistler bu jogaplaryň lukmançylyk maglumatlarynda ýalňyşlyklary saklaýandygyny anyklady. Iň töwekgelçilikli mysallaryň biri «bagyr üçin ganyň analizinde iň kadaly diapazon» diýen soraga berlen nätakyk maglumat boldy. EA ýaşy, jynsy, milleti we beýleki indiwidual aýratynlyklary göz öňünde tutmazdan, diňe sanlar toplumyny çykardy. Neşiriň barlaglaryndan soň, Google bagryň sagdynlygy, onkologiýa we psihiki saglyk ýaly käbir lukmançylyk temalary üçin gysga EA jogaplary funksiýasyny öçürdi. Şeýle-de bolsa, mesele entek doly çözülmedi: mysal üçin, «LFT testiniň kadaly diapazony» ýaly meňzeş soraglar berlen ýagdaýynda, gysgaça maglumatlar ýene çykyp biler. «Biz gözlegde jogaplary aýyrmak ýagdaýlarynyň her birine teswir bermeýäris. EA jogaplaryna käbir kontekstiň ýetmezçilik edýän ýagdaýlarynda, biz ony kämilleşdirmegiň üstünde işleýäris, şeýle-de zerur bolan ýagdaýynda syýasatymyza laýyklykda çäreleri görýäris» – diýip, Google-yň wekili resmi teswirde belledi.