Coca-Cola kompaniýasy Braziliýanyň Bruna Tavares brendi bilen bilelikde dekoratiw kosmetika hataryny çykardy diýip, Sostav neşiri habar berdi. Kolleksiýa 15 önümi öz içine alýar: göz üçin reňk palitrasy, dodak üçin ýylpyldylar we balzamlar, tuş, ýaňak üçin stik görnüşli gyzardyjy, şeýle-de kosmetiki aksessuarlar. Ähli önümler gazly içgileri öndürýän brendiň stilinde ýerine ýetirildi. Mysal üçin, göz palitrasy gapagy logotipli gyzyl guta gaplandy, balzam öwüşginleriniň biri hem bu reňki gaýtalaýar, stik bolsa kola bankasyna meňzeýär. Tuşuň reňki hem gazlandyrylan içgiden ugur alýar. Hatary döredijiler makiýaža yssy günde sowuk suwy owurtlan ýaly lezzet we güýç almagyň kiçijik pursaty hökmünde seretmegi teklip edýär. Coca-Cola öň hem kosmetika bilen tejribe geçiripdi. 2021-nji ýylda kompaniýa Morphe brendi bilen bilelikde ülje tagamly koladan ylham alan kolleksiýany çykardy. Şol wagt hatara reňk palitrasy, ýylpyldylar, gyzardyjy we makiýaž üçin sponž girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir