2026-njy ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Zoi Saldana ähli döwürde filmleri has köp girdeji gazanan aktýor boldy. Ol bu reýtingde Skarlett Ýohanssondan öňe geçdi. Saldana şeýle netijä «Awatar: Ot we kül» filmi çykandan soň ýetdi. Film 2025-njy ýylyň ahyrynda çykany bäri dünýä prokatynda 1,23 mlrd dollardan gowrak ýygnady we bu entek gutarnykly görkeziji däl. Ähli rollaryny hasaba alanyňda, Saldananyň gatnaşmagyndaky filmleriň umumy kassa ýygymy 15,4 mlrd dollardan geçdi. Ýohanssonyňky sähel az – ol, esasan, Marvel älemindäki Gara duluň keşbi bilen 15,4 mlrd dollara ýetdi. Şeýle-de, gatnaşan filmleri has köp girdeji getiren aktýorlaryň bäşligine Semýuel L.Jekson, Robert Dauni kiçi we Kris Pratt hem girýär. Saldana birbada birnäçe uly franşiza gatnaşýar: «Awatar» (Neýtiri) Ar alyjylar we Marvel kinoälemi (Gamora); Galaktikanyň sakçylary; «Ýyldyz ýoly» (Star Trek) franşizasynyň gaýtadan ýola goýulmagy. Geçen ýyl Saldana «Emiliýa Peres» mýuziklindäki keşbi üçin ikinji plandaky iň gowy aktrisa hökmünde «Oskar», «Altyn globus» we BAFTA baýraklaryna mynasyp boldy.