Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan we emeli aň gurşawynda işleýän xAI kompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini 1,46 mlrd dollar arassa ýitgi bilen tamamlady. Bu barada kompaniýanyň içerki resminamalaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Görkeziji öňki döwürlere garanyňda ýokary boldy. Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň arassa ýitgisi, takmynan, 1 mlrd dollar boldy. Soňky 12 aýda kompaniýa 7,8 mlrd dollar pul serişdesini harçlady. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, şeýle maliýe dinamikasy tutuş EA pudagy üçin mahsus. Uly kompaniýalar hasaplaýyş enjamlary, model işläp düzmek we infrastruktura döretmek üçin ep-esli çykdajy çykarmagyny dowam etdirýär. xAI-iň ýolbaşçylygy ýakynda maýadarlar bilen söhbetdeşlikde «häzirki maliýe ýitgilerini wagtlaýyn hasaplaýandygyny we uly maýa goýumlary dowam etdirmäge mümkinçilik berýän serişdeleriniň bardygyny» aýtdy. Uzak möhletli geljekde xAI «özbaşdak emeli aňy» döretmegi meýilleşdirýär we ony Tesla tarapyndan taýýarlanýan Optimus gumanoid robotlary üçin ulanmak göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtyň özünde, Optimus entek bazara çykmady we ödeýjilik tapgyryna ýetmedi. Maliýe maglumatlarynyň hödürlenmegi kompaniýanyň Missisipi ştatynyň Sautheýwen şäherinde uly maglumat merkezini gurmak meýilnamalaryny yglan etmegi bilen gabat geldi. Taslamanyň bahasy 20 mlrd dollar diýlip hasaplanýar, bu hem ony ştatyň taryhynda iň uly hususy maýa goýuma öwürýär.