Türkiýäniň Izmir şäherinde gadymy Smirnanyň çäginde arheologlar takmynan 1 600 ýyl mundan ozalky döwre degişli bolan we gowy saklanyp galan mozaikaly zaly ýüze çykardylar. "Interesting Engineering" neşiriniň "The Archaeologist" žurnalyna salgylanyp bermegine görä, bu zal "Süleýmanyň düwni" atly geometrik nagyş bilen bezelipdir. Tapyndy gadymy şäheriň jemgyýetçilik ýerinde, teatryň we merkezi meýdançanyň golaýynda ýerleşýär. Ölçegi 3-e 4 metr bolan mozaikaly pol biziň eýýamymyzyň IV–VI asyrlaryna degişlidir. Onuň bezegi giçki Rim döwrüne mahsus bolan gül we geometrik nagyşly 12 burçly panellerden ybarat. Hünärmenleriň pikiriçe, merkezi nyşan bolan "Süleýmanyň düwni" betbagtçylyklardan we ýamanlykdan goraýan tumar (dogajyk) hökmünde hyzmat edipdir. Arheologlar: "Sungat, ynanç we gündelik durmuş biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçipdir" — diýip belleýärler. Bina şäheriň esasy köçeleriniň biriniň ugrunda ýerleşen hem bolsa, onuň anyk näme üçin ulanylandygy heniz mälim däl. Barlagçylar binanyň gurlanyndan 1 500 ýyl soň hem gaýtadan ulanylandygyny anykladylar: mozaikalar soňky döwürleriň täzeden gurluşyk işlerinde hem aýawly saklanypdyr. Şu ýyl meýilleşdirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň maksady bu binanyň hususy jaýmy ýa-da jemgyýetçilik desgasydygyny anyklamakdan ybaratdyr.